Şu gün Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde myhman mähirli garşylanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Iki ýurduň döwletleriniň baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde Premýer-ministr Anwar Ibrahim myhmansöýerligiň asylly däbine görä garşylanyldy. Şu gezekki Aşgabatda geçirilýän ýokary derejedäki gepleşikleri we onuň dowamynda gazanyljak ylalaşyklar iki dostlukly ýurduň arasyndaky ugurlaryň giň gerimi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ädime öwrüler.Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halkara guramalaryň, aýratyn-da, BMG-niň çäklerinde birek-biregiň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldamagy munuň aýdyň beýanydyr.