Turkmenportal logo
Düýn 22:32
62436243
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Şu gün Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Slowakiýa Respublikasynyň Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisine gatnaşyjylar mejlisde geçirilýän gepleşikleriň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri hem-de uzak möhletleýin esasda ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Mejlisde ýurtlaryň bar bolan ykdysady mümkinçilikleri, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmagyň ugurlary barada giňişleýin maglumat berildi. Mundan başga-da, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş we lukmançylyk, ylym-bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda türkmen-slowak gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleri ahyrynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.