Turkmenportal logo
Düýn 17:30
64796479
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daewoo E&C Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky Koreýa okuw merkezine okuw esbaplaryny sowgat berdi

Daewoo E&C Türkmenistanda koreý diliniň ösdürilmegi we koreý medeniýetiniň ýaýradylmagy maksady bilen, Aşgabatdaky Patyşa Sejong adyndaky Koreýa okuw merkezine okuw  we medeni maksatly esbaplaryny gowşurdy.

Bu başlangyç Türkmenistanda koreý diliniň ösdürilmegine we medeni hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goldaw bermäge, şeýle hem Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir.

Gowşurylan okuw we medeni esbaplaryň koreý milli saz gurallary, koreý milli egin-eşigi — hanbok, medeni sapaklaryny geçirmeklik üçin möhürlerini we el torbalaryny taýýarlamak üçin toplumlar, şeýle hem koreý ýadygärlik sowgatlary düzdi. Bu serişdeler okuw işinde hem-de medeni-bilim çärelerinde giňden ulanylar. Koreý dilini öwretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Şeýle hem olar koreý dilini öwrenijilere Koreýa Respublikasynyň taryhy, däp-dessurlary we medeni mirasy bilen amaly işler arkaly has çuňňur tanyşmaga mümkinçilik berer.

Gowşuryş dabarasy Türkmenistandaky Daewoo E&C kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Bilim we medeni esbaplary kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory jenap MinManJun tarapyndan resmi ýagdaýda gowşuryldy.

Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky okuw merkeziniň adyndan bu sowgatlary merkeziň direktory Hudaynazarowa Mylayym kabul etdi. Ol Türkmenistanda koreý diliniň ösdürilmegine we koreý medeniýetiniň ýaýradylmagyna yzygiderli goldaw berýändikleri üçin Daewoo E&C kompaniýasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Aşgabat şäherindäki Patyşa Sejong adyndaky koreý dili okuw merkezi bu goldawy ýokary baha berýär we gowşurylan materiallaryň bilim we medeni işlerde netijeli ulanyljakdygyna ynandyrdylar. Şeýle hem okuw merkezi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we medeni alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de güýçlenmegine umyt bildirýär.