Turkmenportal logo
Şu gün 16:19
28222822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen zergäri Göwher Nuryýewa Buharadaky bäsleşikde 1000 dollary möçberinde pul baýragyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri Göwher Nuryýewa şu ýylyň maý aýynda Buhara şäherinde geçirilen «Altyn sapak we zergärçilik sungaty» atly halkara bäsleşikde üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bäsleşigi guraýjylar oňa dabaraly ýagdaýda 1000 ABŞ-nyň dollary möçberindäki pul baýragyny we bäsleşigiň Kubogyny gowşurdylar.

Türkmen zergäri bäsleşige 60-a golaý eserini hödürledi. Olaryň arasynda milli äheňde taýýarlanan boýunbaglar, kulonlar, gulakhalkalar, bilezikler we ýüzükler bar. Göwher öz işlerinde gadymy zergärçilik nusgalaryna daýanýar hem-de olary öz döredijilik tapyndylary bilen baýlaşdyrýar. Türkmen sährasynda gülleýän çigildemleriň şekili ussadyň özboluşly döredijilik nyşanlarynyň birine öwrüldi.

Göwher Nuryýewanyň bellemegine görä, zergärçilik, halyçylyk we keşdeçilik sungatlary biri-biri bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Zergärçilik önümlerindäki nagyşlar keşdeçilikde we halylarda ulanylýan nagyşlary ýatladýar.

Göwher Nuryýewa bu kärde tas 30 ýyldan bäri zähmet çekýär. Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hem agzasy bolup, öz eserlerini ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde yzygiderli tanyşdyrýar.

Bu Göwheriň Özbegistanda her iki ýyldan bir gezek geçirilýän bäsleşige ikinji gezek gatnaşmagydyr. Ol 2024-nji ýylda hem bu bäsleşige gatnaşyp, «ÝUNESKO bäsleşiginiň ýeňijisi» diýen şahadatnama bilen sylaglandy. Mundan başga-da, geçen ýylyň dekabr aýynda Hindistanda geçirilen senetçilik festiwalyna gatnaşyp, şol ýerde ýörite şahadatnama mynasyp boldy.