Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi» atly Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň Tährandaky ilçileri we diplomatlary, magtymgulyşynaslar, medeniýet we sungat işgärleri hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Şeýle hem onuň dowamynda Medeniýet institutynyň prezidenti, Türkmenistanyň ilçisi, Täjigistanyň Milli uniwersitetiniň taryh boýunça professory, Eýran Yslam Respublikasyndaky «Türkmen medeniýet öýi» sungat institutynyň direktory we edebiýatşynaslar çykyş etdiler.
16-nji iýunda Tähran şäheriniň Harezmi uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Täjigistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçileri, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň wekilleri hem-de eýranly türkmenler gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada çykyş etdiler, şahyryň ýazan goşgularyny okadylar we onuň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirdiler hem-de türkmen medeniýeti, sungaty we edebiýaty bilen bagly birnäçe sahna çykyşlaryny görkezdiler.