Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Jennet mukamy» atly täze sahna oýnuny sahnalaşdyrmak boýunça işlerini tamamlap barýar.
Spektaklyň ilkinji görkezilişi teatryň döredijilik sowgady hökmünde taýýarlanyldy we ol Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň Balkan welaýatynda geçirilýän günlerinde Daşoguz şäherinde tomaşaçylara hödürlener — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Milli rowaýata esaslanyp döredilen, saz we folklor öwüşginleri bilen baýlaşdyrylan bu täsirli sahna eseri teatryň režissýory Bekmyrat Hallyýew tarapyndan G. Daňatarowyň we N. Söýünowyň eseriniň esasynda goýuldy.
Söýgi hem-de türkmen dutarynyň köptaraply gudratly güýji baradaky waka tomaşaçylary Baba Gammaryň ýaşlyk ýyllaryna alyp gidýär. Halk arasynda ol dutary ilkinji bolup ýasan hem-de bu milli saz guralynyň howandary diýlip hasaplanýar.
Haýran galdyryjy täsir edýän zehine eýe bolan ýaş Gammar uzak ýurtlaryň birine düşýär. Şol ýerde ol ýerli hökümdaryň ýeke-täk gyzyna aşyk bolýar. Baş gahrymana köp sanly synaglar we duşmanlarynyň päsgelçilikleri garaşýar. Mundan başga-da, onuň söýgüli gyzy agyr derde uçraýar. Paýhasly ýaşulynyň maslahat bermegi bilen Gammar dutar ýasaýar, şol dutaryň jadyly owazy bolsa gyzy sagaldýar.
Täze spektaklda teatryň tanymal artistleri, şol sanda Türkmenistanyň at gazanan artistleri H. Şyhyýew we M. Seýidow çykyş edýärler. Gammaryň keşbini B. Döwliýew ussatlyk bilen janlandyrýar, hökümdaryň gyzynyň keşbini bolsa M. Aristanowa ýerine ýetirýär.