Turkmenportal logo
Düýn 22:51
55055505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi açyldy

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi açyldy. Oňa toparyň ýolbaşçylary hem-de agzalary gatnaşdylar. Gepleşikler Türkmenistanyň we Slowakiýa Respublikasynyň ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin möhüm ädim bolar.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşleri, mümkinçilikleri barada aýdylyp, daşary ýurtly hyzmatdaşlara ýurduň maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklary, bu ulgamda ýokary gazanylanlar bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Slowak tarapy hem öz milli ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary, aýratynlyklary barada gürrüň berip, türkmen kärdeşlerini giňişleýin tanyşdyrdylar. Mejlise gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, söwdanyň dürli ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.

Taraplar dürli ugurlarda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Türkmenistanyň we Slowakiýanyň çäklerindäki işewür çäreleri we sergiler barada maglumatlary alyşmagy amala aşyrmagyň, iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda işewür saparlary we gelip gatnaşmak mümkinçiligini öwrenmegiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň degişli ministrliklerine, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek babatynda ýakyn wagtda geňeşmeleri geçirmek meselesini öwrenmegiň, Türkmenistanyň we Slowakiýanyň arasynda söwdanyň möçberlerini artdyrmak boýunça geňeşmeleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtadylar. Şeýle hem mejlisiň çäklerinde birnäçe duşuşyklar geçirildi.