Turkmenportal logo
Düýn 20:47
36943694
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisinde GFR-iň Konrad Adenauer gaznasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleri bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermisseniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda myhman Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ekologiýa diplomatiýasynda gazanylan üstünlikler bilen giňişleýin tanyşdyryldy. 

Türkmen tarapy ýurduň howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere jogapkärli çemeleşýändigi, metan zyňyndylaryny azaltmak, çölleşmä garşy göreşmek hem-de biodürlüligi gorap saklamak ugrunda anyk çäreleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Duşuşykda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilendigi we onuň tokaý zolaklaryny giňeltmäge gönükdirilendigi bellenildi. 

Şeýle hem Türkmenistanda ekologiýa babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns çekildi.