Turkmenportal logo
Şu gün 17:12
19071907
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat» seýilgähi Daşkentde geçiriljek DÇ-2026-nyň janköýerler zolaklarynyň birine öwrüler

Daşkentiň Ýaşnabat etrabynda ýerleşýän «Aşgabat» seýilgähi 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlary geçirilýän günlerinde Özbegistanyň milli ýygyndysynyň duşuşyklaryny köpçülikleýin tomaşa etmek üçin niýetlenen meýdançalaryň biri bolar. Janköýerler toparyň çykyşlaryna uly ekranda, seýilgähiň amatly şertlerinde mugt tomaşa edip bilerler.

Şunuň ýaly meýdançalar Daşkentiň ähli etraplarynda — seýilgählerde, baglarda we jemgyýetçilik ýerlerinde guralar. Iň uly janköýerler zolagy bir wagtda 10 müň adamy kabul edip bilýän «Bunýodkor» stadiony bolar. Bu ýerde 18-nji we 23-nji iýunda geçiriljek oýunlaryň göni ýaýlymlary görkeziler.

«Aşgabat» seýilgähinden we «Bunýodkor» stadionyndan başga-da, göni ýaýlymlar şu ýerlerde guralar: «Rohat» mahallasy (Bektemir etraby), «Furkat» seýilgähi (Mirobad etraby), Central Park (Mirzo Ulugbek etraby), «Ýeňiş» seýilgähi (Almazar etraby), Merkezi alleýa (Sergeli etraby), Seoul Eco Park (Uçtepe etraby), Gafur Gulam adyndaky Dream Park (Çilanzar etraby), «Anhor-Lokomotiw» seýilgähi (Şaýhantahur etraby), Ýunusabat sport toplumy (Ýunusabat etraby), «Dostluk» seýilgähi (Ýakkasaray etraby) hem-de INDEX Park (Ýangihaýat etraby).

Toparçalaýyn tapgyrda Özbegistanyň milli ýygyndysy üç duşuşyk geçirer: 18-nji iýunda sagat 07:00-da — Kolumbiýanyň ýygyndysyna garşy, 23-nji iýunda sagat 22:00-da — Portugaliýanyň ýygyndysyna garşy, 28-nji iýunda sagat 04:30-da — Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysyna garşy oýnar.

Ähli meýdançalara giriş mugtdyr.