Turkmenportal logo
Şu gün 16:23
32813281
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalar gowşuryldy

Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim mininstrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

«Milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala gelmegi soňky ýyllarda durmuşa geçirilen yzygiderli özgertmeleriň logiki dowamydyr. 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlary esasynda, 2021 — 2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy» diýlip, habarda bellenilýär.

Ilkinji ýyllyk meýilnama laýyklykda, bilimiň dürli basgançaklaryna wekilçilik edýän jemi 8 sany bilim edarasy akkreditasiýadan geçmek üçin ýüz tutdy. Bilermenler tarapyndan geçirilen giňişleýin, obýektiw we talapkär seljermeleriň netijesinde olaryň 6-sy şahadatnama almaga mynasyp boldy.

Şahadatnama alan edaralaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi, Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebi, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bar.

Akkreditasiýanyň diňe ýokary bilim däl, eýsem, umumy we orta hünär bilim edaralaryny hem gurşap almagy ýurtda bitewi hil medeniýetiniň döredilýändigini subut edýär. Milli bilim standartlarynyň Ýewropa ýokary bilim giňişliginiň logikasyna, ÝUNESKO-nyň klassifikasiýalaryna hem-de Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine laýyk getirilmegi türkmen biliminiň dünýä derejesindäki hil ölçegleriniň ýokarlanmagyna şert döretdi.

Milli bilimiň binýadynyň güýçlenmegi sanlarda hem aýdyň görünýär. Hususan-da, 2025-nji ýylda ýurduň 14 ýokary okuw mekdebi «Times Higher Education», 12-si bolsa «UI GreenMetric» halkara reýtinglerine girdi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama 5 ýyl möhlet bilen berilýär.