Turkmenportal logo
Şu gün 15:50
11711171
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Putin ýurduň Döwlet Dumasyna saýlawlary 20-nji sentýabra belledi
Surat: belta.by

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirmek barada permana gol çekdi. Bu barada Russiýanyň hukuk habarlarynyň resmi portalynda çap edilen resminama salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Dumanyň IX çagyrylyşynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyl, ýagny 2031-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa saýlawlardan öňki tapgyryň soňky ýyllarda iň çylşyrymly boljakdygyny aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.