Turkmenportal logo
Şu gün 13:39
27682768
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dünýäniň iň baý adamlary bir günde 336 milliard dollar baýady
Surat: gazeta.ru

Dünýäniň 500 sany çakdanaşa baý adamynyň emlägi bary-ýogy bir günde – 15-nji iýunda 336 milliard dollar artdy. Bu barada milliarderleriň indeksine salgylanýan «Bloomberg» agentligi habar berdi.

Netijede, olaryň jemi emlägi 13,3 trillion dollar boldy. Ilkinji bolup, trillioner Ilon Maks öz pullaryny 10 göterim ýa-da 1,27 trillion dollara çenli köpeltdi.

Muňa ABŞ bilen Eýranyň Ormuz bogazyny açmak barada deslapky ylalaşygy sebäp boldy. Netijede, «Dow Jones», «Nasdaq» we «MSCI World» biržalarynda söwdalaşyklar gyzdy we ýokary derejä golaýlady.

Bu ösüşe itergi beren ýene bir waka geçen hepdede «SpaceX» kompaniýasynyň öz paýnamalaryny biržada köp mukdarda ýerleşdirmegi boldy. Maýadarlar ol paýnamalary köpçülikleýin satyn aldylar, bu öz gezeginde Maskyň kompaniýasynyň kapitalyny 20 göterim artdyrdy.