Turkmenportal logo
Şu gün 13:38
31273127
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstriýa dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edýän Iordaniýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň J toparçasynyň birinji tapgyrynda Awstriýanyň milli ýygyndysy Iordaniýanyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk San-Fransisko şäherinde geçirildi.

Awstriýanyň düzüminde Romano Şmid 20-nji minutda tapawutlandy, Marko Arnautowiç bolsa 90+12-nji minutda bellenen penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby artdyrdy. 76-njy minutda iordaniýaly goragçy Ýazan Al-Arab öz derwezesine gol geçirdi.

Iordaniýanyň düzümindäki ýeke-täk pökgini Ali Olwan 50-nji minutda geçirdi. Şeýlelikde, ol dünýä çempionatlarynda Iordaniýanyň milli ýygyndysynyň ilkinji golunyň awtory hökmünde taryha girdi. Duşuşygyň jemleri boýunça hem Olwan oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. 26 ýaşly hüjümçi milli ýygyndynyň düzüminde 60 oýun geçirip, 28 gol geçirdi.

Bu ýeňiş Awstriýanyň milli ýygyndysy üçin 1990-njy ýyldan bäri dünýä çempionatlaryndaky ilkinji ýeňiş boldy. Topar 1998-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Awstriýanyň dünýä çempionatlaryndaky iň ýokary netijesi 1954-nji ýylda gazanan bürünç medalydyr.

Indiki tapgyrda, 22-nji iýunda Awstriýa Argentina bilen duşuşar, Iordaniýa bolsa Alžiriň ýygyndysyna garşy meýdança çykar.