Turkmenportal logo
Şu gün 13:13
22842284
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aýdyň gijeler» Özbegistanda ýol düzümine degişli önümleriň önümçiligini ýola goýar

Türkmenistanyň «Aýdyň gijeler» kompaniýasy Daşkentde ýol düzümine degişli önümleri öndürmäge gönükdirilen önümçilik kärhanasyny döreder.

«Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna kompaniýanyň baş direktorynyň Özbegistanyň paýtagtynyň häkimi bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekildi.

Kärhanany ýerleşdirmek üçin 4 gektar meýdan ýer bölegi bölünip berildi.

«Täze önümçilik kärhanasy ýurduň iri ulag-düzüm taslamalary üçin önümleri öndürmäge gönükdiriler. Hususan-da, bu ýerde gurluşygy alnyp barylýan döwrebap Daşkent – Samarkand awtomagistraly üçin zerur bolan önümler öndüriler» diýlip, kompaniýanyň habarynda bellenilýär.

Kärhanada ýol gurşawynyň barýer goraglaryny, ýol belgilerini, yşyklandyryş sütünlerini we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin beýleki önümleri öndürmek meýilleşdirilýär.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň täze iş orunlaryny döretmegine we iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyna garaşylýar.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, ol Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary tehnologiýalara ýöriteleşen kärhanalarynyň biridir. Kompaniýa özüniň on sany önümçilik kärhanasynda elektrotehniki we elektron önümleriniň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär.