Turkmenportal logo
Şu gün 13:04
17361736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Eswatinide Türkmenistanyň «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň önümçilik toplumynyň düýbi tutuldy

Eswatini Patyşalygynda Türkmenistanyň «Aýdyň gijeler» kompaniýasynyň önümçilik toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä kompaniýanyň wekilleri, şeýle hem Eswatini Patyşalygynyň ýokary wezipeli resmi adamlary — täjirçilik, senagat we söwda ministri Mankoba Khumalo, ministrligiň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Melusi Masuku we Patyşalygyň ylym we tehnologiýa parkynyň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Madoda Mdziniso gatnaşdylar.

Bu dabara başga bir şanly wakanyň logiki dowamy boldy: 2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Eswatinide «Aýdyň gijeler» kompaniýasy tarapyndan esaslandyrylan iki sany täze kärhana açyldy. Bu taslamalaryň ikisi hem Patyşa Mswati III-niň şahsy ak patasy bilen durmuşa geçirilýär.

Olaryň birinjisi — «Aýdyň Gijeler Eswatini» kärhanasy patyşalygyň raýatlary üçin ID-kartlaryny we biometrik pasportlaryny ornaşdyrmak hem-de üpjün etmek bilen meşgullanar. Şunda 1,5 million sany milli identifikasiýa kartyny we 500 müňden gowrak biometrik pasporty öndürmek meýilleşdirilýär. Ikinji kärhana — «Eswatini Quantum Works» bolsa infrastruktura we elektrotehniki önümleriň: elektrik kabeliniň, yşyklandyryş sütünleriniň, ýolyşyklarynyň, ýol belgileriniň, barýerleriň we elektron tehnikalaryň önümçiligine ýöriteleşendir.

Kompaniýanyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýerleşdirmek üçin ýurduň çäginde 4 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Kärhanalaryň işe girizilmegi täze iş orunlaryny döretmäge we ýerli üpjünçilik zynjyryny kemala getirmäge gönükdirilendir.

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, ol Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary tehnologiýalara ýöriteleşen kärhanalarynyň biridir. Kompaniýa özüniň on sany önümçilik meýdançasynda bank we SIM-kartlardan başlap, ýolyşyklara, kabellere we hasaplaýyş enjamlaryna çenli elektrotehniki we elektron önümleriniň 30-dan gowrak görnüşini öndürýär.