Turkmenportal logo
Şu gün 11:11
57225722
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ed Şiran sahnany terk etdi
Surat: gazeta.ru

Britan sazandasy Ed Şiran wagtlaýyn sahnadan gidýändigini yglan etdi diýip, «Daily Mail» gazeti habar berdi. Aýdymçy Glindeýlde konsert wagty maşgalasy üçin kärinde arakesme alýandygyny mälim etdi. Ol: «Bu meniň iň soňky sahna çykyşym. Bu çykyşlarymdan soňra arakesme alyp, maşgalam bilen meşgullanmakçy» diýdi.

Häzir Şiranyň Çerri Siborn bilen nikasyndan dünýä inen ogly we gyzy bar. Neşir aýdymçynyň maşgalasy bilen 2026-njy ýylyň ýanwarynda täze Zelandiýada başlanan konsert çykyşlaryndan bäri görüşmändigini ýazýar.

«Spotify» serwisiniň habaryna görä, Ed Şiranyň muşdaklary 86 million adama golaýlaýar. Onuň «Shape of you» atly iň meşhur aýdymyny 5 millard gezek diňläpdirler.