Turkmenportal logo
Şu gün 10:34
37503750
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Las-Wegasyň polisiýasy ördege gödek çemeleşen zenany tussag etdi
Surat: mir24.tv/news

Las-Wegasyň polisiýasy suw çüwdüriminde ýüzüp ýören ördege ýowuz daraşan zenany tussag etdi. Waka «Wenesian» myhmanhanasynyň çäginde boldy.

Garawul syn ediş wideokamerasy arkaly bir zenanyň ördegi zor bilen suwdan çykaryşyny gördi. Ol zenanyň ördegi asmana zyňyşyny, çekeleýşini we ýere taşlap aýagy bilen basgylaýandygyny görüp, polisiýany çagyrmaly boldy. Netijede, poliseýler guşuň sag ganatynyň şikes alandygyny anykladylar. Daffi diýen lakamly guş heniz hem ruhy sarsgyny başdan geçirýärdi we agyrysyna çydaman, poliseýleriň özüne golaýlaşmazlygyny isläp, goh edýärdi.

29 ýaşly Destini Reýesi tussag astyna aldylar. Derňew işleri netijesinde, onuň guşa ýowuz daraşandygy anyklandy we alty müň dollar jerime bellediler diýip, «News 3 Las Vegas» neşirine salgylanýan «MIR 24» gürrüň berýär.

Las-Wegasyň polisiýasy ördege gödek çemeleşen zenany tussag etdi | Turkmenportal.com