Turkmenportal logo
Şu gün 09:40
13641364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Messiniň geçiren üç goly Argentinanyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Alžiri ýeňmegine ýardam etdi

Argentinanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Alžiriň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Kanzas-Siti şäherinde geçirildi.

Dünýä çempionlarynyň düzüminde üç pökginiň hemmesini toparyň kapitany Lionel Messi geçirdi. Ol 17-nji, 60-njy we 76-njy minutlarda tapawutlandy. Bu het-trigiň netijesinde argentinaly futbolçynyň dünýä çempionatlaryndaky gollarynyň sany 16-a ýetdi. Şeýlelikde, ol bu görkezijä görä nemes futbolçysy Miroslaw Kloze bilen deňleşip, dünýä çempionatlarynyň iň netijeli bombardirleriniň sanawynda birinji orny paýlaşýar.

Şeýle hem Messi dünýä çempionatlarynyň altysyna gatnaşan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi. Häzir 38 ýaşyndaky hüjümçi 2023-nji ýyldan bäri MLS ligasynyň «Inter Maýami» klubunda çykyş edýär. Ol mundan öň Ýewropada Fransiýanyň PSŽ we Ispaniýanyň «Barselona» klublarynyň düzüminde oýnady. Messi «Barselona» bilen dört gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Argentinaly ýyldyzyň baýraklar ýygyndysynda 2022-nji ýylyň dünýä çempionatynyň çempionlyk ady, 2014-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň kümüş medaly, 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň altyn medaly we Amerikanyň Kubogynyň iki kubogy (2021, 2024) bar. Şeýle hem ol sekiz gezek «Altyn top» baýragyna mynasyp bolup, bu ugurda rekordyň eýesidir.

Argentina we Alžir J toparçada Awstriýanyň hem-de Iordaniýanyň ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýär. Ikinji tapgyrda Argentina 22-nji iýunda Awstriýa bilen duşuşar, Alžir bolsa 23-nji iýunda Iordaniýa garşy meýdança çykar.

Messiniň geçiren üç goly Argentinanyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Alžiri ýeňmegine ýardam etdi | Turkmenportal.com