Turkmenportal logo
Şu gün 09:35
38373837
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Holand dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnunda dubl edip, Norwegiýanyň Yragy ýeňmegine goşant goşdy

Norwegiýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Yragyň ýygyndysyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy. I toparçanyň bu duşuşygy ABŞ-nyň Boston şäherinde geçirildi.

«Mançester Siti» klubunyň hüjümçisi Erling Holand iki gol geçirdi (29, 43). Şeýle hem Leo Estigor (76) we Kristian Torstwedt (90+7) hersi bir gezek tapawutlandy. Yragyň düzüminde ýeke-täk pökgini Aýmen Huseýn 39-njy minutda geçirdi. Duşuşygyň jemleri boýunça Holand oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Hüjümçi häzirki wagta çenli milli ýygyndynyň düzüminde 51 duşuşyk geçirip, 57 gol geçirdi.

Iki gezek tapawutlanmak bilen, Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatlaryndaky gollary boýunça öňki rekordyň eýesi Hetil Rekdal bilen deňleşdi. Norwegiýa üçin häzirki dünýä çempionaty taryhyndaky dördünjisi, 1998-nji ýyldan bäri bolsa ilkinjisidir. Toparyň şu wagta çenli iň gowy netijesi 1/8 final tapgyryna çykmak bolup galýar. Yrak üçin bolsa bu dünýä çempionatlaryna gatnaşýan ikinji ýaryşydyr. Bu ýurt mundan ozal diňe 1986-njy ýylda geçirilen çempionatda çykyş edipdi.

Indiki tapgyrda Norwegiýa Senegal bilen, Yrak bolsa Fransiýa bilen duşuşar. Iki oýun hem 22-nji iýunda geçiriler.