Turkmenportal logo
Şu gün 09:27
33453345
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kabo-Werdeniň derwezeçisi Wozinýa Ispaniýa bilen geçirilen oýundan soň 10 million abunaçy gazandy

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Ispaniýanyň ýygyndysyna garşy geçirilen oýundan bir günden gowrak wagt geçenden soň, sosial ulgamlarda oňa ýazylýanlaryň sanyny 10 milliona ýetirdi.

Ýatlap geçsek, duşuşyk 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy. Wozinýa derwezesine gönükdirilen ýedi urgyny üstünlikli gaýtarmagy başardy. Kabo-Werdeniň ilatynyň sany 530 müň töweregi bolup, ýaryş başlanmazdan öň onuň sosial torlardaky sahypasyna takmynan 20 müň adam ýazylypdy.

40 ýaşly Wozinýa häzirki wagtda Portugaliýanyň ikinji ligasynda çykyş edýän «Şawiş» klubunda oýnaýar. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, derwezeçiniň transfer bahasy 50 müň ýewro barabardyr. Mundan ozal ol Portugaliýanyň «Žil Wisente», Moldowanyň «Zimbru», Kipriň AEL hem-de Slowakiýanyň «Trençin» klublarynda çykyş edipdi.

Ispaniýa bilen Kabo-Werde H toparçada çykyş edýärler we ilkinji tapgyrdan soň hersiniň hasabynda bir utuk bar. Bu toparyň beýleki wekilleri bolan Urugwaý bilen Saud Arabystanynyň ýygyndylary hem özara 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Ikinji tapgyrda Ispaniýa 21-nji iýunda Saud Arabystany bilen duşuşar. Kabo-Werde bolsa 22-nji iýunda Urugwaýa garşy meýdança çykar.

Kabo-Werdeniň derwezeçisi Wozinýa Ispaniýa bilen geçirilen oýundan soň 10 million abunaçy gazandy | Turkmenportal.com