Turkmenportal logo
Düýn 17:30
1057110571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BMG soňky on ýylda ilkinji gezek bosgunlaryň azalandygyny hasaba aldy
Surat: ru.kabar.kg

2015-nji ýyldan bäri dünýäde ilkinji gezek gapma-garşylyklardyr yzarlanmalar sebäpli öz öýlerini terk etmäge mejbur bolýan adamlaryň azalandygy hasaba alyndy. Bu barada BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Baş komissarynyň täze nutugyna salgylanýan «Kabar.kg» habar berdi.

Guramanyň maglumatlaryna laýyklykda, geçen 2025-nji ýylda 5,4 million adam öz ýurtlarynyň çäginden daşarda gaçybatalga gözlemäge mejbur bolupdyr. Emma Bosgunlaryň işi boýunça Baş komissar Barham Salehiň sözlerine görä, ählumumy ýagdaý heniz hem çylşyrymly bolmagynda galýar.

Şol bir wagtda öz ýurduna dolanýanlaryň sanynyň artýandygy hem hasaba alynýar. Geçen ýylda 4,4 million bosguny we 10,3 million içki bosgunlary goşmak bilen, 14,7 million adam hemişelik ýaşaýan ýerlerinden dogduk ýurduna gaýdyp geldi. Netijede, dünýäde umumy bosgunlaryň sany 3 göterim kemelip, 41,6 million adama deň boldy.