Daşkentiň şäher häkimiýeti Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň adyny Özbegistanyň paýtagtyndaky köçeleriň birine dakmak baradaky karary kabul etdi. Bu at Ýaşnabat etrabyndaky Abdulla Kadyriniň adyny göterýän köçäniň bir bölegine berler. Has takygy, Istikbol, Fergana ýuli we Nukus köçeleri bilen çatrykdan başlap, Magtymguly şaýoluna çenli aralykdaky bölek Atatürküň adyny göterer. Bu ýer häzirki wagtda gurulýan «Özbek-türk dostluk seýilgähine» ýanaşýar — diýip, daryo.uz neşiri habar berýär.
Köçäniň adyny üýtgetmek meselesi diplomatik derejede 2022-nji ýyldan bäri ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu tema ilkinji gezek Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Özbegistana saparynyň öňüsyrasynda gün tertibine girizilipdi. 2025-nji ýylyň fewralynda mesele paýtagtyň şäher ýolbaşçylary bilen türk diplomatik wekilleriniň duşuşygynda gaýtadan ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň iýun aýynda bolsa şäher häkimiýeti adyny üýtgetmek baradaky teklibi jemgyýetçilik maslahatyna çykardy.
Gyzykly tarapy, Daşkentde Atatürküň adyny göterýän köçe öň hem bolupdy. Emma 2011-nji ýylda onuň ady üýtgedilip, Zarafşan diýlip atlandyrylypdy.
Mustafa Kemal Atatürk Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti bolup, Osman imperiýasy dargandan soň milli azat ediş hereketine ýolbaşçylyk etdi hem-de 1923-nji ýylda häzirki zaman türk döwletiniň döredilendigini yglan etdi.
Mustafa Kemal Atatürküň adyny göterýän köçe Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Aşgabat şäherinde hem bar.