Turkmenportal logo
Şu gün 16:50
33983398
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Oçoa dünýä çempionatyndan soň futbol ýoluny tamamlaýandygyny mälim etdi

Meksikanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Gilýermo Oçoa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň ussatlaryň hatarynda çykyş edýän futbol ýoluny tamamlamagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu barada FIFA habar berdi.

«Meksikanyň milli ýygyndysy meniň üçin hemişe hem futbolda, hem durmuşymda ýol görkeziji boldy. Indi milli ýygyndy topardaky ýolum ahyrlap barýarka, futbolyň özünde-de hiç bir üýtgeşik many görmeýärin» — diýip, derwezeçi federasiýanyň YouTube kanalynda ýerleşdirilen wideoşekilde gözýaşlaryny saklap bilmän, öz duýgularyny beýan etdi.

«Men her pursatdan lezzet aldym. Men futbol ýolumy rahat kalp we ruhubelent ýagdaýda tamamlaýaryn» — diýip, Oçoa sözüniň üstüni ýetirdi.

40 ýaşly derwezeçi dünýä çempionatyna gatnaşýanlaryň sanawyna altynjy gezek girizildi. Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyna garşy geçirilen ilkinji duşuşykda (2:0) ol ätiýaçlykdaky oýunçylaryň hatarynda galdy. Eger galan oýunlarda meýdança çyksa, onda Oçoa özüniň dördünji dünýä çempionatynda çykyş eden futbolçy hökmünde taryha girer.

Toparçalaýyn tapgyrda Meksikanyň milli ýygyndysyna Günorta Koreýanyň we Çehiýanyň ýygyndylaryna garşy duşuşyklar garaşýar.