Turkmenportal logo
Düýn 16:19
50415041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hasyl ýygymy döwründe ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýar

Köpçülikleýin orak möwsüminiň başlanmagy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy hasyl ýygnamak işlerine gatnaşýanlara ýangyn howpsuzlygy boýunça hökmany talaplary ýatlatdy.

Gullugyň bellemegine görä, orak işlerinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalary ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleri bilen üpjün edilmelidir. Şeýle hem tehnikalaryň tüsse çykaryjy turbalary uçgun söndürijiler bilen enjamlaşdyrylyp, olar ýygy-ýygydan kömür galyndylaryndan arassalanmalydyr.

Tehnikalaryň duralgalary, ýangyç guýulýan ýerler we kebşirleme işleri geçirilýän meýdançalar ekerançylyk ýerlerinden azyndan 100 metr uzaklykda, daş-töweregi sürlüp taýýarlanan ýerlerde ýerleşdirilmelidir.

Galla meýdanlarynyň we awtomobil ýollarynyň gyralarynda ini azyndan 30 metr bolan, sürüliş çuňlugy 25–30 santimetre ýetýän gorag zolaklary döredilmelidir.

Ýangyn howpsuzlygy gullugy hasyl ýygnalyşy döwründe meýdanlarda samanlary we beýleki ösümlik galyndylaryny ýakmagyň gadagandygyny hem ýatladýar.

Galla kabul ediş meýdançalary binalardan azyndan 50 metr, ekin meýdanlaryndan bolsa azyndan 100 metr uzaklykda ýerleşdirilmelidir. Galla ammarlarynda ulanylýan elektrik enjamlary daşarda ýerleşdirilip, sim geçirijiler polat turbalaryň içinden geçirilmelidir. Yşyklandyryş enjamlary bolsa aýna gapaklar bilen goralmalydyr.

Orak möwsüminiň dowamynda sürüjiler we mehanizatorlar üçin ýangyn howpsuzlygy düzgünleri boýunça yzygiderli gözükdirmeler geçirilmelidir. Şeýle hem hasyl ýygnalýan ýerlerde ýangyn ýüze çykan ýagdaýynda gyssagly çäre görmek üçin mala bilen enjamlaşdyrylan traktor hem-de suw daşaýan awtoçelek hemişe taýýarlyk ýagdaýynda saklanmalydyr.

Ýangyn ýüze çykarylan ýagdaýynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy derrew «01» ýa-da jübi telefonlaryndan «001» belgilerine jaň etmäge çagyrýar.