Tunisiň futbol federasiýasy fransiýaly hünärmen Erwe Renary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň ahyryna çenli milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine belledi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi.
Toparyň ozalky baş tälimçisi Sabri Lýamuşi ýaryşyň ilkinji duşuşygynda Şwesiýanyň ýygyndysyndan 1:5 hasabynda utulandan soň wezipesinden boşadyldy.
«Renar şu gün agşamdan öz wezipesine girişer. Şertnama dünýä çempionatyndan soň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gepleşikleriň başlanmagyny hem göz öňünde tutýar» — diýlip, federasiýanyň beýanatynda aýdylýar.
57 ýaşly Renar mundan ozal ýaryş başlamazyndan öň Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden gidipdi. Ol dürli ýyllarda Marokko, Kot-d’Iwuar, Angola we Zambiýa ýaly döwletleriň milli ýygyndylaryna tälim beripdi hem-de iki gezek Afrikanyň milletler kubogynyň ýeňijisi bolupdy. Tunisiň ýygyndysy indiki duşuşygyny 21-nji iýunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna garşy geçirer.
Dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär hem-de 19-njy iýulda tamamlanar. Taryhda ilkinji gezek bu ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar.