Turkmenportal logo
Şu gün 11:52
19911991
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýada iki dikuçar çaknyşdy, alty adam pida boldy
Surat: mir24.tv

Rio-de-Žaneýronyň günbatarynda asmanda iki dikuçar çaknyşdy. Azyndan alty adam gurban boldy diýip, Braziliýanyň ýangyn gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Ýerli «O Globo» neşiriniň habaryna görä, elektrik ulaglarynyň awtosalonynyň ulag goýulýan ýerine gaçan dikuçarlar 20 awtoulagyň ýanmagyna sebäp boldy.

Uly bolmadyk uçýan enjamlaryň heläkçilige uçramagy bilen bagly wakalar Braziliýada kän bolýar. Mysal üçin, geçen aýda günorta-gündogardaky Belu-Orizonti şäherinde kiçeňräk uçar binanyň diwaryna uruldy, netijede, iki adam heläk boldy.