Turkmenportal logo
Şu gün 11:20
24112411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Lebap welaýatynyň etraplarynda agyz suwy üpjünçiligi gowulandyrylar

Lebap welaýatynyň häkimligi welaýatyň etraplarynda agyz suwy üpjünçilik ulgamyny gowulandyrmak üçin gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşik şu ýylyň 25-nji iýunynda sagat 10:00-da geçiriler. Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar 24-nji iýun sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.

Zerur bolan resminamalary, harytlary getirmegiň şertleri, möçberleri we beýleki talaplar baradaky maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 156-njy jaý — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38. Şeýle hem maglumatlar e.fineconomic.gov.tm saýtynda ýerleşdirilendir.