Antuan Fukuanyň «Maýkl» (Michael) filmi kassa ýygymlary boýunça Braýan Singeriň «Bogema rapsodiýasy» (2018) filminden ozup, iň köp girdejili sazly çeper film derejesini aldy.
«Deadline» neşiriniň habaryna görä, film prokatda 911,9 million dollar toplady («Rapsodiýa» - 911 mln), onuň 358,6 milliony Demirgazyk Amerika we 555,3 milliony halkara prokata degişlidir.
«Lionsgate» studiýasy üçin bu film iň köp kassa ýygymlaryny toplan eser boldy, ol «Iňrikler», «Aç oýunlar» we «Jon Uik» ýaly filmler tapgyryndan hem öňe saýlandy.
Häzirki wagtda «Maýkl» filminiň dowamyny surata düşürmek işleri dowam edýär.