Turkmenportal logo
Şu gün 10:02
55485548
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý, sebitara hyzmatdaşlygyň geljegi we ýurduň durnukly ösüşine ýardam etmek maksady bilen, özara gatnaşyklar baradaky meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalaryň ornuny ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň Owganystana ynsanperwer kömegini bermekde, durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmekde, döwlet institutlaryny berkitmekde hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow mejlisde çykyş edip, Türkmenistanyň parahat, durnukly we ykdysady taýdan durnukly Owganystany goldamaga gönükdirilen yzygiderli ornuny belledi. Türkmenistanyň Owganystana sebitara integrasiýa amallarynyň möhüm gatnaşyjysy hökmünde garaýandygy we ýurduň halkara ykdysady hyzmatdaşlygyna işjeň çekilmegini goldaýandygy aýratyn bellenildi.

Türkmen tarapy Owganystanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, sebit durnuklylygyny berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda sebit ýurtlary, Ýewropa Bileleşigi we halkara guramalar bilen netijeli özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça Ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy | Turkmenportal.com