Turkmenportal logo
15.06.2026
1300713007
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kabo-Werdeniň derwezeçisi Wozinýa 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda Ispaniýa garşy oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Ispaniýa garşy geçirilen oýnuň (0:0) iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada FIFA-nyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşenbe güni Kabo-Werdeniň ýygyndysy özüniň ilkinji dünýä çempionatyndaky H toparçanyň duşuşygynda Ispaniýa bilen deňme-deň oýnady. Wozinýa derwezesine gönükdirilen ýedi urgyny saklamagy başardy, şeýle hem garşydaşyň jerime meýdançasyna tarap ýokardan geçiren birnäçe toplaryny gapmagy we ýiti urgularyny üstünlikli gaýtarmagy başardy.

40 ýaşly derwezeçi häzirki wagtda Slowakiýanyň «Trençin» klubunda çykyş edýär. Onuň milli ýygyndynyň düzüminde geçiren 89 duşuşygy bar. Bu görkeziji Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň taryhynda ikinji iň ýokary netije hasaplanýar.