ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Kabo-Werdeniň ýygyndysy bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. H toparçadaky duşuşyk Atlanta şäherinde geçirildi.
Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşýar we FIFA-nyň reýtinginde 64-nji orny eýeleýär.
Ispaniýa bolsa häzirki Ýewropa çempiony hem-de 2010-njy ýylyň dünýä çempiony bolup, dünýä reýtinginde üçünji orunda ýerleşýär. Ýygyndynyň kapitany 2024-nji ýylyň «Altyn top» baýragynyň eýesi Rodri. Duşuşygyň dowamynda ätiýaçlykdan oýna giren Lamin Ýamal dünýä çempionatynda ilkinji oýnuny geçirdi. Ol 2025-nji ýylda «Altyn top» baýragy boýunça geçirilen ses berişlikde ikinji orny eýeläpdi. Ýaryş başlanmazdan öň hüjümçi budunyň yzky myşsasyna şikes alypdy.
Indiki tapgyrda Ispaniýa Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy bilen duşuşar, Kabo-Werde bolsa Urugwaý bilen oýnar. Iki duşuşyk hem 21-nji iýunda geçiriler.
Dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda we bir wagtyň özünde üç ýurduň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryşyň final duşuşygy 19-njy iýulda bolar.