Turkmenportal logo
15.06.26
80658065
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Örtügiň täze stardarty: BOARDLINE ýanmaýar, könelmeýär we reňkini ýitirmeýär

Türkmenistanda giň gerim alan gurluşyk pudagynyň ösüşi diňe bir şäherleriň keşbini däl-de, eýsem gurluşyk materiallaryna bildirilýän talaplary hem düýpli üýtgedýär. «Akylly» ýaşaýyş toplumlary, beýik işewürlik merkezleri we iri ýaşaýyş jaý toplumlary täze standarty kesgitleýär: binanyň fasady bir wagtyň özünde hem owadan, hem howpsuz, hem-de uzak möhletleýin bolmalydyr.

Şu talaba jogap hökmünde türkmen öndürijisi — «Ak bulut» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän BOARDLINE innowasion daşky örtük materialy döredildi. Takyk tehnologiýanyň esasynda taýýarlanan paneller we gizlin gurnama ulgamy görünýän birleşdiriji sepleşmelersiz, bitewi we tekiz fasad ýüzlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa häzirki zaman binagärliginiň arassa geometrik görnüşlere we giň tekiz ýüzlere bolan islegine doly laýyk gelýär.

BOARDLINE materialynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýangyn howpsuzlygydyr. Ol doly ýanmaýan material bolup, ot almaýar, ýanmagy goldamaýar we hatda örän ýokary temperaturada hem zäherli maddalary bölüp çykarmaýar. Şäherlerde binalaryň biri-birine ýakyn ýerleşýän şertlerinde bu diňe bir artykmaçlyk däl, eýsem häzirki döwrüň zerur talaby bolup durýar.

«Ak buludyň» önümçilik desgalary Germaniýanyň inženerleri bilen hyzmatdaşlykda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilendir. Takyk presleme tehnologiýasy we awtomatlaşdyrylan hil gözegçiligi her bir paneliň ýokary we durnukly hilini üpjün edýär. Şeýle hem material düýpli yklym howa şertlerine laýyklaşdyrylypdyr: temperatura üýtgemelerine, güýçli ýellere çydamly bolup, göni gün şöhlesiniň täsirinde reňkini ýitirmeýär. Mundan başga-da, onuň ses izolýasiýa häsiýetleri bar, heňleriň emele gelmeginiň öňüni alýar we ekologiýa taýdan arassa düzümden ybaratdyr.

Kompaniýanyň toplumlaýyn dolandyryş ulgamy ISO 9001, ISO 14001 we ISO 45001 halkara standartlary boýunça sertifikatlaşdyrylandyr. Ýewropanyň CE belgisi bolsa önümiň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyna mümkinçilik döredýär. Lebap welaýatynda täze zawodyň işe girizilmegi önümçilik kuwwatyny artdyrmaga hem-de ýurduň içinde we daşynda önümleriň üznüksiz üpjünçiligini ýola goýmaga şert döretdi.

BOARDLINE dünýä derejesindäki innowasiýalar bilen «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanyň sazlaşykly utgaşyp bilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+993 12) 75 42 43 / 75 42 44, (+993 62) 24 00 44, (+993 62) 24 00 55, (+993 62) 14 00 44.

Baş edara we sergi zaly (showroom):
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, 29/1 jaý, 3-nji gat.

Önümçilik merkezleri:

Asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürýän «Ak Bulut» zawody hem-de ammary — Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby.

Gipsokarton, BOARDLINE panellerini we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän «Ak bulut» zawody hem-de ammary — Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň eteginde.