Turkmenportal logo
Şu gün 16:46
52835283
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awstriýanyň kompaniýasy senagat ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

Awstriýanyň «Gertner Group» kompaniýasy senagatda we tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Aleksandr Masinger Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde žurnalistlere beren gürrüňinde mälim etdi.

«Toparyň mejlisi biziň üçin örän gowy geljegi uly ugurlary, şol sanda Türkmenistanda senagaty mundan beýläk-de ösdürmek we tehnologiýalaryň transferi (geçirilmegi) babatda täze mümkinçilikleri açdy. Men kompaniýanyň ýolbaşçysy hökmünde geljekki hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerine uly ynam bilen garaýaryn» diýip, Masinger belledi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa eýýäm senagat we gurluşyk materiallary babatda ösüşiň täze ugurlaryny hödürledi. Mejlisiniň dowamynda taraplar syýahatçylyk we medeniýet ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Masingeriň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň baý taryhy bar. «Biz siziň ajaýyp ýurduňyza gelmäge we gaýtalanmajak binagärligi bolan gözel paýtagtyňyz Aşgabady synlamaga elmydama şat» diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.