Turkmenportal logo
Şu gün 15:37
66786678
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýada daşary ýurt raýatlary üçin lukmançylyk barlagyndan geçmegiň möhleti 30 güne çenli gysgaldyldy

Russiýanyň Prezidenti ýurda gelýän daşary ýurt raýatlary üçin hökmany lukmançylyk barlagynyň bitewi tertibini kesgitleýän kanuna gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlary ýurda giren gününden başlap 30 günüň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçmelidirler. Ozal bu maksat üçin 90 gün möhlet berilýärdi.

Hökmany lukmançylyk barlagyndan Russiýada işlemek üçin gelýän ähli daşary ýurt raýatlary, şeýle hem ýurtda 90 günden köp wagt galmagy meýilleşdirýän adamlar geçmelidirler. Barlag neşe serişdeleriniň ulanylyşyny anyklamak, şeýle-de howply ýokanç keselleri we AIW ýokanjyny ýüze çykarmak üçin degişli barlaglary öz içine alýar.

Barlag bilen bagly çykdajylar daşary ýurt raýatlarynyň özleriniň ýa-da olaryň iş berijileriniň hem-de hyzmatlary sargyt edýän taraplaryň hasabyna töleniler. Lukmançylyk gözegçiligini diňe sebit häkimiýetleri tarapyndan ygtyýarlandyrylan saglygy goraýyş edaralary geçirip biler.

Barlagyň netijeleri elektron görnüşde resmileşdirilip, döwlet maglumat ulgamlarynyň üsti bilen awtomatiki ýagdaýda Russiýanyň Içeri işler ministrligine we «Rospotrebnadzor» edarasyna iberiler. Şonuň ýaly tertip beýleki lukmançylyk barlaglarynyň dowamynda howply keseller ýa-da neşe serişdeleriniň ulanylandygy ýüze çykarylanda hem ulanylar.

Kanun daşary ýurt raýatlarynyň her ýyl gaýtadan lukmançylyk gözegçiliginden geçmegini hem talap edýär. Barlagdan geçmekden ýüz öwren ýa-da ondan gaça duran adamlar üçin 25 müňden 50 müň rubla çenli jerime göz öňünde tutulýar. Şeýle hem olaryň administratiw tertipde ýurtdan çykarylmagy mümkin.

Resminama Döwlet Dumasyna parlamentiň aşaky palatasynyň başlygy, wise-spiker, parlament fraksiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de deputatlar tarapyndan hödürlenipdi. Döwlet Dumasy kanuny 27-nji maýda kabul etdi, Federasiýa Geňeşi bolsa ony 3-nji iýunda makullady. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girer.