Ýaponiýanyň milli ýygyndysynyň janköýerleri futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky Niderlandlar bilen geçirilen oýundan soň oturan ýerlerindäki zibilleri ýygnap, ýerleri arassaladylar. Bu barada Halkara futbol federasiýasy (FIFA) X sosial torundaky resmi sahypasynda habar berdi.
F toparçasynyň duşuşygy ýekşenbe güni ABŞ-nyň Dallas şäherinde geçirildi we 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. FIFA tarapyndan paýlaşylan suratlarda ýapon janköýerleriniň zibilleri paketlere ýygnap ýörendigi görkezildi.
Oýundan soň oturylan ýerleri arassalamak ýapon janköýerleriniň köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän asylly däbidir. Olar bu ýörelgäni diňe bir dünýä çempionatlarynda däl-de, eýsem beýleki iri halkara ýaryşlarynda hem berjaý edýärler.
Futbol boýunça dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar.