Turkmenportal logo
Şu gün 12:42
26852685
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana mekdep okuwçylary üçin ynsanperwerlik kömegi ýetirildi

Ynsanperwerlik ýüküni daşaýan ýük awtoulaglarynyň kerweni Türkmenistanyň çäginden geçip, Turgundy serhet geçelgesiniň üsti bilen Owganystana bardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä azyk maksatnamasy (WFP) owgan mekdep okuwçylary üçin niýetlenen 397 tonna witaminler bilen baýlaşdyrylan kökäni Kabula ýetirdi. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük takmynan 15 müň kilometrlik ýoly geçdi.

Sebitdäki käbir serhetleriň ýapylmagy sebäpli döredilen çylşyrymly logistika ulgamynda Türkmenistan soňky tapgyrdan öňki möhüm halka boldy. 21 ýük awtoulagyndan ybarat kerwen Dubaýyň, Saud Arabystanynyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň üsti bilen hereket edip, soňra Türkmenistanyň çägine girdi we Owganystan bilen serhetdäki Turgundy geçelgesine ýetdi.

Ilkinji meýilleşdirilen ugur Pakistan bilen Owganystanyň arasyndaky dartgynly ýagdaý sebäpli ýapyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Eýranyň üsti bilen geçmegi göz öňünde tutýan ätiýaçlyk ugur bolsa Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlyk sebäpli ýatyryldy.

«Açlyk ulag ýollarynyň açylmagyna garaşmaýar» — diýip, WFP-niň logistika gullugynyň müdiri Korinn Fleişer belledi.

Bu ýük Indoneziýanyň hökümeti tarapyndan WFP-niň mekdep iýmitlendiriş maksatnamasyna goýberilen 3,5 million amerikan dollarlyk goşandyň bir bölegi bolup durýar. Witaminler bilen baýlaşdyrylan kökeler Owganystanyň Gor, Nuristan we Paktika welaýatlaryndaky mekdeplere paýlanar.

«Çagalar üçin bu olaryň saglygyny goramaga kömek edýän bir bukja köke. Biziň üçin bolsa bu uly logistika üstünligidir» — diýip, WFP-niň Owganystandaky wekili Abdul Ahad Munib aýtdy.