Şwesiýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Tunisiň ýygyndysyny 5:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Meksikanyň Gwadalupa şäherindäki «BBWA» stadionynda geçirildi.
Ýeňiji toparyň düzüminde Ýasin Aýari dubl edip, 7-nji we 90+6-njy minutlarda tapawutlandy. Şeýle hem Aleksander Isak (30-njy minutda), Wiktor Dýokereş (59-njy minutda) we Mattias Swanberg (84-nji minutda) bir goldan geçirdiler. Tunisiň ýygyndysynyň ýeke-täk pökgüsini bolsa Omar Rekik 43-nji minutda geçirdi.
Bu ýeňişden soň Şwesiýanyň ýygyndysy F toparçasynyň ýaryş tertibinde birinji orna çykdy. Toparçadaky beýleki duşuşykda Niderlandlaryň we Ýaponiýanyň ýygyndylary 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Indiki tapgyrda şwedler 20-nji iýunda Niderlandlar bilen duşuşar, tunisliler bolsa 21-nji iýunda Ýaponiýanyň ýygyndysynyň garşysyna meýdança çykarlar.
Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde hüjümçi Aleksander Isak ykrar edildi. 26 ýaşly futbolçy 2025-nji ýylyň sentýabrynda iňlisleriň «Liwerpul» toparyna goşuldy. Ol şu wagta çenli Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 59 oýna gatnaşyp, 18 pökgi geçirdi.
Futbol boýunça dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýul aralygynda ABŞ-da, Kanadada we Meksikoda geçirilýär. Taryhda ilkinji gezek ýaryşa 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar 12 toparça bölünendir. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orny eýelän sekiz iň gowy topar 1/16 final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar. Häzirki dünýä çempiony bolsa Argentinanyň milli ýygyndysydyr.