Turkmenportal logo
Şu gün 10:29
27362736
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ak Gaýa dizaýn we taslama taýýarlamak ugrunda taýýar hem-de aýratyn çözgütleri hödürleýär

Interýer we eksterýer taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlaryň doly toplumyny hödürlemek bilen, Ak Gaýa hususy ýaşaýyş jaýlary, ofisler, söwda desgalary we jemgyýetçilik giňişlikleri üçin döwrebap çözgütleri döredýär.

Kompaniýanyň işiniň esasy ýörelgesi her bir sargyda aýratyn çemeleşmekden ybaratdyr. Tejribeli hünärmenler müşderileriň isleglerini içgin öwrenip, amatlylygy, häzirki zaman dizaýnyny we estetik gözelligi özünde jemleýän taslamalary taýýarlaýarlar. Şeýle çemeleşme müşderileriň garaşýan netijelerine doly laýyk gelýän özboluşly binagärlik we dizaýn çözgütlerini durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ak Gaýa dürli maksatly desgalar bilen işleýär. Kompaniýa ýaşaýyş jaýlary bilen bir hatarda täjirçilik we jemgyýetçilik binalary üçin hem taslamalary amala aşyrýar. Taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde häzirki zaman tehnologiýalary, ýokary hilli materiallar we kämil enjamlar ulanylýar. Bu bolsa ýerine ýetirilen işleriň ýokary hilini hem-de uzak möhletleýin ygtybarlylygyny üpjün edýär.

Täze taslamalary başdan işläp taýýarlamak bilen birlikde, kompaniýa müşderiniň aýratyn talaplaryna laýyklykda uýgunlaşdyrylyp bilinýän taýýar dizaýn we binagärlik çözgütlerini hem hödürleýär. Bu hyzmat taslamany taýýarlamak üçin zerur bolan wagty azaltmaga we ony ylalaşmak işlerini çaltlaşdyrmaga ýardam berýär.

Ak Gaýa kompaniýasynyň Çyzgy bölümi Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň 40-njy jaýynda, Ak Gaýa binasynda ýerleşýär.

Goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: +993 12 754 375 we +993 65 555 410.