Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda geçirilen bäsleşik diýseň täsirli, dabaraly we çekeleşikli häsiýetde geçdi. Bäsleşige gatnaşan ýaş bagşy-sazandalaryň çykyşlaryna emin agzalary — halypa bagşylar tarapyndan mynasyp baha berildi. Ýerine ýetirijileriň ussatlygyna, aýdymyň sözleriniň dürs aýdylyşyna, sahna medeniýetine aýratyn ähmiýet berildi.
Şeýlelikde, sazandalar boýunça Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň türkmen sazy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Aýnäzli Rahmanowa hem-de Mary şäherindäki Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutar mugallymy Kerwen Seýitnyýazow özleriniň ussatlygyny görkezip, ýeňiji boldular.
Bagşylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa Baýramaly etrap medeniýet bölüminiň Rafsanjany oba medeniýet öýüniň müdiri Kerim Kakageldiýew we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby Oguljennet Hojakowa bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga mynasyp boldular.