Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Serbiýanyň telekeçilerine bugdaý uny, buýan köki we buýan köküniň ekstrakty, pagta ýagy, nah ýüplük ýerlenildi.
Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 244 million manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), pagta ýagyny, nah ýüplügi we nah matany, pagta süýümini satyn aldylar.