Turkmenportal logo
Şu gün 09:46
25382538
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
SmartRekrut öňünden tölegsiz Belarusyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge ýardam edýär

Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň resmi hyzmatdaşy bolan SmartRekrut rekruting kompaniýasy daşary ýurtly dalaşgärlere Belarusyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek boýunça — fakulteti saýlap bermekden başlap, talyby umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirmäge çenli doly hyzmatlar toplumyny hödürleýär. Kompaniýanyň bäsdeşlerinden esasy tapawudy şundadyr: talyp fiziki taýdan Minsk şäherine gelip ýetýänçä, müşderi hiç hili töleg geçirmeýär.

Kompaniýa hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilen baglaşylan resmi şertnamalaryň we berlen şahadatnamalaryň esasynda işleýär. Okuwa kabul ediş prosesi üç tapgyra bölünýär. Birinji tapgyrda laýyk ýokary okuw mekdebini saýlap bermek we zerur resminamalary seljermek boýunça mugt maslahat berilýär. Ikinji tapgyr ähli resminamalaryň taýýarlanylmagyny, olaryň tabşyrylmagyny, söhbetdeşligiň guralmagyny we resmi çakylygyň alynmagyny öz içine alýar. Üçünji tapgyr bolsa okuw wizasynyň resmileşdirilmegini, ýol petekleriniň satyn alynmagyny hem-de daşary ýurda çykmak üçin zerur resminamalaryň taýýarlanylmagyny öz içine alýan logistika hyzmatlaryndan ybaratdyr.

Şeýle-de bolsa, SmartRekrut kompaniýasy bilen baglaşylýan şertnama diňe Minsk şäherine çenli ýol açýan mümkinçilik däldir. Kompaniýanyň hünärmenleri talybyň ilkinji okuw ýylynyň dowamynda onuň akademiki görkezijilerini yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar, okuw boýunça bergileriniň ýüze çykmazlygyny üpjün edýärler we ene-atalar bilen hemişe aragatnaşykda bolýarlar. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, şeýle iş usuly ilkinji gezek çagasyny daşary ýurda okamaga ugradýan maşgalalaryň aladalaryny ep-esli azaldýar.

Ähli tölegler diňe resmi şertnamanyň çäklerinde nagt däl hasaplaşyk arkaly amala aşyrylýar. Ýaşyryn komissiýalar we öňünden töleg geçirmek talaplary düýbünden ýokdur.

Kompaniýanyň ofisleriniň Türkmenistandaky we Belarusdaky salgysy we telefon belgileri — Mary welaýatynda (Täze Awtomenzil, 2-nji gat) +993 64 36 09 61, +993 65 12 94 56, şeýle hem Minsk şäherinde (Surganow köçesi, 2A jaý, 1-26 otag) +375 29 127 54 14, +375 29 193 17 82.