Kot-d’Iwuaryň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşykda Ekwadoryň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi. Oýun ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde geçirildi.
Duşuşykdaky ýeke-täk goly 90-njy minutda Amad Diallo geçirdi.
Toparlar E toparçada çykyş edýärler. Bu toparçada Germaniýanyň we Kýurasaonyň ýygyndylary hem bar. Olaryň ozalky duşuşygy nemesleriň 7:1 hasabyndaky uly ýeňşi bilen tamamlandy. Indiki tapgyrda Kot-d’Iwuar 20-nji iýunda Germaniýa bilen duşuşar, Ekwador bolsa 21-nji iýunda Kýurasao bilen oýnar.
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar we olar 12 toparça bölünendir. 1/16 finala her toparçadan iň güýçli iki topar, şeýle hem üçünji orny eýelän ýygyndylaryň arasynda iň gowy sekizisi çykmaga hukuk gazanar.