Niderlandlaryň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşykda 2:2 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Duşuşyk ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Dallas şäherinde geçirildi.
Niderlandlaryň düzüminde gollary Wirjil wan Deýk (50-nji minutda) we Krisensio Sammerwill (64-nji minutda) geçirdi. Ýaponiýanyň ýygyndysynda bolsa Keýto Nakamura (57-nji minutda) hem-de Daiti Kamada (89-njy minutda) tapawutlandy. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Niderlandlaryň milli ýygyndysynyň goragçysy Wirjil wan Deýk ykrar edildi.
Iki ýygyndy hem F toparçada çykyş edýär we birinji tapgyrdan soň hersiniň hasabynda bir utuk bar. Bu toparçada Şwesiýanyň we Tunisiň ýygyndylary hem bar. Ikinji tapgyrda Niderlandlar 20-nji iýunda Şwesiýa bilen duşuşar, Ýaponiýa bolsa 21-nji iýunda Tunis bilen oýnar.
ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar we olar 12 toparça bölünendir. 1/16 final tapgyryna her toparçadan iň güýçli iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orny eýelän toparlaryň arasyndan iň gowy sekizisi çykmaga hukuk gazanar.
Häzirki dünýä çempiony Argentinanyň milli ýygyndysydyr.