Turkmenportal logo
Şu gün 08:20
16301630
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Germaniýa DÇ-2026-da Kýurasaonyň ýygyndysyndan uly hasap bilen üstün çykdy

Germaniýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Kýurasaonyň ýygyndysyny 7:1 hasabynda uly ýeňlişe sezewar etdi. E toparçanyň bu duşuşygy ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirildi.

Dört gezek dünýä çempiony bolan Germaniýanyň düzüminde gollary Feliks Nmeça (6-njy minutda), Niko Şlotterbek (38-nji minutda), Kaý Hawers (45+5-nji minutda – penaltiden, 88-nji minutda), Jamal Musiala (47-nji minutda), Nataniel Braun (68-nji minutda) we Deniz Undaw (78-nji minutda) geçirdiler. Dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edýän Kýurasao bolsa bir gol bilen jogap bermegi başardy. Toparyň ýeke-täk goluny 21-nji minutda Liwano Komenensiýa geçirdi.

Duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde Germaniýanyň hüjümçisi Kaý Hawers saýlandy.

Bu ýeňişden soň Germaniýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň final tapgyrlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren topar boldy. Opta statistika portalyň maglumatlaryna görä, dört gezekki dünýä çempionlarynyň hasabynda indi 239 gol bar. Bu görkeziji bäş gezek dünýä çempiony bolan Braziliýanyň ýygyndysyndan bir gol köpdür (238).

Germaniýanyň derwezeçisi Manuel Noýer dünýä çempionatlarynda iň köp oýun geçiren derwezeçileriň rekordyny gaýtalady. Kýurasao bilen geçirilen duşuşyk onuň dünýä birinjiliklerindäki 20-nji oýny boldy. Şeýle görkeziji 2018-nji ýylyň dünýä çempiony bolan Fransiýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Ugo Lýorisiň hem hasabyndadyr.

Kýurasao ýygyndysyna Dik Adwokat tälim berýär. Onuň ýaşy 78 ýaş 8 aý 16 gün bolup, ol dünýä çempionatlarynyň taryhynda topary oýna çykaran iň uly ýaşly tälimçi boldy. Şeýlelikde, ol çehiýaly tälimçi Miroslaw Koubegiň (74 ýaş 9 aý 10 gün) we günorta afrikaly Hugo Brosyň (74 ýaş) görkezijilerini yzda galdyrdy.

Indiki tapgyrda Germaniýa 20-nji iýunda Kot-d’Iwuar bilen duşuşar. Kýurasao hem şol gün Ekwador bilen güýç synanyşar.

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurduň – ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar.