Turkmenportal logo
Şu gün 14:46
48224822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda bilim hem-de medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Pakistanyň Milli häzirkizaman dilleri uniwersitetiniň rektory Şahid Mahmud Kaýani bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň resmi saýtynda habar berildi.

Uniwersitetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşiklerde akademiki gatnaşyklary giňeltmek, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bilelikdäki bilim hem-de ylmy taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem, taraplar iki halkyň dil hem-de medeni mirasyny öwrenmegiň we wagyz etmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip habarda bellenilýär.