Awstraliýanyň milli ýygyndysy 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirildi. Gollary 27-nji minutda Nestor Irankunda we 75-nji minutda Konnor Metkalf geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkiýäniň futbolçylary garşydaşlarynyň derwezesine jemi 30 gezek urgy geçirip, şolaryň sekizisini nyşana gönükdirdiler. Şeýle-de bolsa, olar tapawutlanmagy başarmadylar.
Iki ýygyndy hem D toparçada ABŞ-nyň we Paragwaýyň milli ýygyndylary bilen bilelikde çykyş edýär. Ozal ABŞ-nyň ýygyndysy Paragwaýy 4:1 hasabynda ýeňipdi. Ikinji tapgyrda Awstraliýa 19-njy iýunda ABŞ bilen duşuşar, Türkiýe bolsa 20-nji iýunda Paragwaý bilen güýç synanyşar.
Awstraliýa dünýä çempionatlaryna ýedinji gezek gatnaşýarr. Bu ýygyndynyň iň gowy netijesi 2006-njy we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynda 1/8 finala çykmagy boldy. Türkiýe bolsa dünýä çempionatyna üçünji gezek gatnaşýar. 2002-nji ýylda Türkiýäniň ýygyndysy bürünç medallara mynasyp bolupdy.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýär hem-de 19-njy iýulda tamamlanar. Bu ýaryşa ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşýar. Olar 12 toparça bölünendir. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orunlary eýelän ýygyndylaryň iň gowy sekizisi 1/16 final tapgyryna çykmaga hukuk gazanar.