Turkmenportal logo
14.06.2026
1325713257
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kloze DÇ-2026-da öz gol rekordynyň täzelenmegine garaşýar

Germaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Miroslaw Kloze futbol boýunça dünýä çempionatlaryndaky iň köp gol geçirmek boýunça öz rekordynyň 2026-njy ýylyň çempionatynda täzelenip biljekdigini aýtdy. Bu barada ol Suddeutsche Zeitung neşirine beren interwýusynda gürrüň berdi.

Klozeniň hasabynda dünýä çempionatlarynyň dört ýaryşynda geçiren 24 duşuşygynda 16 gol bar. Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi bäş dünýä çempionatynda geçiren 26 oýnunda 13 gezek tapawutlandy. Fransiýanyň hüjümçisi Kilian Mbappe bolsa 14 duşuşykda 12 gol geçirdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty Messi üçin altynjy ýaryş bolup biler. Şeýle hem ol dünýä çempionatlarynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy hökmünde rekordyň eýesidir.

«Meniň rekordymyň hut şu dünýä çempionatynda täzelenmegine garaşýaryn. Ýaryş giňeldildi, oýunlaryň sany artdy, bu bolsa gol geçirmek üçin mümkinçilikleriň hem köpelendigini aňladýar. Messi bilen Mbappeniň ikisiniň hem ýaryşda uzak ýol geçjekdigine ynanýaryn we bu meni doly kanagatlandyrýar. Eger rekord täzelense, onuň Messi tarapyndan goýulmagy meniň üçin aýratyn ýakymly bolar. Men hemişe onuň uly muşdagy bolupdym — ol hakyky futbol zehinidir» — diýip, Kloze aýtdy.

Argentinanyň milli ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny 16-njy iýunda Alžiriň toparyna garşy geçirer. Häzirki dünýä çempionlarynyň toparçadaky beýleki garşydaşlary Awstriýanyň we Iordaniýanyň milli ýygyndylary bolar.