Turkmenportal logo
14.06.26
1171711717
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Braziliýanyň milli ýygyndysy DÇ-2026-da Marokko bilen deňme-deň oýnady

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Braziliýanyň milli ýygyndysy Marokkony ýeňip bilmedi. C toparçasynyň çäginde ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherinde geçirilen oýun 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 21-nji minudynda Ismael Saýbari marokkolylary öňe çykardy. Braziliýalylar bolsa 32-nji minutda Vinisius Žunioryň geçiren goly bilen hasaby deňlediler.

Braziliýalylaryň hüjümçisi Neýmar şikesi sebäpli bu duşuşyga gatnaşyp bilmedi. Braziliýanyň başlangyç düzüminde Sankt-Peterburgyň «Zenit» klubynda çykyş edýän goragçy Douglas Santos meýdança çykdy.

Indiki tapgyrda braziliýalylar 20-nji iýunda Gaitiniň milli ýygyndysy bilen duşuşarlar. Marokkonyň milli ýygyndysy hem şol gün Şotlandiýanyň topary bilen oýnar.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurduň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 11-nji iýunda başlap, 19-njy iýulda tamamlanar.