Turkmenportal logo
14.06.26
1003910039
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Katar bilen Şweýsariýa DÇ-2026-nyň ilkinji duşuşygynda deňme-deň oýnadylar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda Şweýsariýanyň we Kataryň milli ýygyndylary deňme-deň oýnadylar. B toparçanyň çäginde geçirilen oýun ABŞ-nyň Santa-Klara şäherinde 67 966 tomaşaçynyň gatnaşmagynda bolup, ol 1:1 hasaby bilen tamamlandy.

Duşuşygyň 17-nji minudynda şweýsariýaly hüjümçi Brel Embolo penaltiden gol geçirip, hasaby açdy. Oýnuň ikinji ýarymyna goşulan wagtyň bäşinji minudynda Bualem Huhi hasaby deňledi. Duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip Kataryň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Mahmud Abunada ykrar edildi.

Bu netije Kataryň milli ýygyndysy üçin dünýä çempionatlaryndaky ilkinji gazanan utugy boldy. ABŞ-da geçirilýän häzirki ýaryş toparyň taryhynda ikinji dünýä çempionatydyr. Katar mundan öň 2022-nji ýylda öz ýurdunda geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşypdy.

Şweýsariýanyň düzüminde kapitanyň daňysyny dakynyp meýdança çykan ýarym goragçy Granit Jaka hem-de goragçy Rikardo Rodriges çykyş etdiler. Bu dünýä çempionaty ikisi üçin hem olaryň futbol ýolundaky dördünji ýaryşy boldy. Ozal Walon Behrami bilen Jerdan Şakiri hem dört dünýä çempionatynda çykyş edipdiler.

Indiki tapgyrda Şweýsariýa 18-nji iýunda Inglwud şäherinde Bosniýa we Gersegowina bilen duşuşar. Şol gün Katar Kanadanyň milli ýygyndysy bilen Wankuwerde oýnar.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda üç ýurduň — ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň çäginde geçirilýär. Ýaryş 19-njy iýulda tamamlanar.