Turkmenportal logo
13.06.26
1255212552
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabarasy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň gutardyş dabarasy geçirildi. Aşgabatdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bu dabara döwletiň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary we professor-mugallymlary gatnaşdylar. Dabaranyň başynda döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy buýsanç bilen okaldy. Bu Gutlag dabara gatnaşanlaryň ählisinde uly ruhubelentlik döretdi. Bu barada TGM-niň «Milli goşun» žurnalynyň elektron neşirinde habar berilýär.

Dabarada harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlary nyzama durup, Döwlet baýdagynyň astynda uly buýsanç bilen Döwlet senasyny ýerine ýetirdiler. Soňra ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna ilkinji «leýtenant» harby ady, serkerdelik şahsyýetnamasy, ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda şahadatnama we ýörite nyşan dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.